DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasy ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyny berkidýär

2022-nji ýylyň 28-nji martynda «Türkmendemirýollary» agentligi bilen Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň we Demirýol korporasiýasynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.

Göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen söhbetdeşligiň barşynda Koreýa Respublikasynyň Demirýol korporasiýasynyň prezidenti Na Hi-syň wideoýüzlenmesi, şeýle hem Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň direktory Ço Ýoňminiň  çykyşy diňlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ýurtda alnyp barylýan  ulag ulgamyndaky Günorta-Demirgazyk we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça magistral akymlaryň birleşdirilmegine gönükdirilen başlangyçlary barada türkmen tarapy aýratyn nygtady.

Muňa mysal edip, Gazagystan–Türkmenistan–Eýran, Serhetabat–Turgundy, Kerki–Ymamnazar–Akina demirýollarynyň we Türkmenistan–Owganystan–Täjigistan demirýolunyň gurluşygynyň, şeýle hem ýokary tizlikli awtomibil ýollarynyň, howa menzilleriniň we deňiz portlarynyň Türkmenistanyň beýleki sebit ýurtlary bilen gatnaşyklarynyň netijeli berkidilmeginde uly ähmiýete eýe bolýandygy bellenilip geçildi.

Bu seminar hünärmenler derejesinde şu ýylyň 1-nji apreline çenli dowam eder.

 

Türkmenistanyň ähli metjitleri işläp başlaýar

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Gazagystan aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýada çagalar festiwalyna gatnaşdy

Türkmenistan «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Italiýa-Azerbaýjan” oba hojalyk forumyna gatnaşdy

Türkmenistan-Özbegistan: obasenagat toplumynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabat bilen Daşkendiň arasyndaky hyzmatdaşlyk işjeňleşdiriler

Ata Watan Eserleri