JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Hytaýyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan Iniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.

Taraplar ikitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň meselelerini, hususan-da syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk, ykdysadyýet, energetika we beýleki birnäçe ugurlardaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistan bilen Hytaýyň Birleşen Milletler Guramasynda, başga halkara düzümlerde we görnüşlerde birek-birege bolan köpýyllyk goldawy barada bellenip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan açyk, dostlukly we konstruktiw dialogyň türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň depginli ösdürilmeginiň esasy şertidigi barada nygtaldy. Hut Türkmenistan bilen Hytaýyň baştutanlarynyň we liderleriniň yzygiderli duşuşyklary ugurlaryň giň toplumy boýunça iki ýurduň hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ösdürmek üçin berk esas bolup durýar.

Daşary işler ministrleri iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň ähmiýetini bellediler hem-de diplomatik ýollar boýunça yzygiderli ikitaraplaýyn gatnaşyklary   dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy