Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Hytaýa amala aşyran saparynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Saglygy goraýyş işleri boýunça döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Zeng Ýisin bilen hem duşuşdy.
Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti mähirli kabul edilendigi üçin öz adyndan, şeýle hem türkmen wekiliýetiniň adyndan minnetdarlyk bildirip, saparyň çäklerinde HHR-iň Hökümetiniň wekilleri bilen netijeli duşuşyklaryň geçirilendigini aýtdy.
HHR-iň Saglygy goraýyş işleri boýunça döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary myhmany mähirli mübärekläp, Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky netijeli ösdürilýän ynsanperwer gatnaşyklara ýokary baha berdi. Duşuşygyň dowamynda ynsanperwer ulgamda däp bolan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagynyň maksat edinilýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Oguljahan Atabaýewa ýurdumyzyň Hytaýyň saglygy goraýyş ulgamyndaky tejribesine gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Zeng Ýisin HHR-iň toplan baý tejribesini we tehnologiýalaryny paýlaşmaga taýýardygyny aýdyp, muňa ählumumy saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine möhüm goşant hökmünde garalýandygyny belledi.
Gazna alyp barýan işinde döwrebap bejeriş usullaryny ulanýar, häzirki zaman lukmançylyk tehnologiýalaryny, çaga lukmançylygy ulgamyndaky öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrýar. Oguljahan Atabaýewa Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamy barada aýdyp, şu ýyl ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň ýubileýiniň bellenilýändigini, bu maksatnamanyň 30 ýylyň dowamynda milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek üçin binýat bolup hyzmat edendigini aýtdy. Maksatnamanyň çäklerinde häzirki güne çenli döwrebap lukmançylyk edaralarynyň 100-den gowragy, şol sanda hassahanalar, klinikalar, lukmançylyk merkezleri guruldy.
Hytaý tarapy Türkmenistanyň milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde gazanan üstünliklerine ýokary baha berip, bu ulgamdaky toplumlaýyn maksatnamalaryň durmuşa geçirilişiniň okgunly häsiýetini belledi. Söhbetdeşligiň dowamynda lukmançylyk işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak ulgamynda HHR bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine seretmäge gyzyklanma bildirildi. Şunuň bilen bir hatarda, O.Atabaýewa çagalarda onkologik we genetik keselleri bejermek boýunça hytaý tarapynyň tejribesini öwrenmäge taýýardygyny beýan etdi. Öz gezeginde, hytaý tarapynyň wekili bu möhüm ugurlarda tejribe paýlaşmaga hem-de bilelikdäki ylmy-barlag işlerini geçirmäge taýýardyklaryny tassyklap, çylşyrymly çaga keselleri bilen göreşmek üçin halkara hyzmatdaşlygyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler lukmançylygyň hemişe ösýän we kämilleşýän ulgamdygyny nygtap, saglygy goraýyş ulgamynda netijeli dialogyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.