DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Halkara pul gaznasy hyzmatdaşlygyny ösdürer

2024-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredow bilen Halkara pul gaznasynyň (HPG) geňeşçisi, Azerbaýjan we Türkmenistan boýunça missiýasynyň başlygy Anna Rouz Bordonyň ýolbaşçylygyndaky HPG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen HPG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şol sanda Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna goşulmaga bolan meýli bilen bagly meselelere ygrarlylyk nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýyldan bäri goşulýan ýurt («işjeň synçy») derejesine eýe bolan Türkmenistana HPG-niň maslahat beriji goldawynyň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Halkara pul gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen tagallalary utgaşdyrmagyň zerurdygyny nygtadylar.

Related posts

Türkiýäniň Prezidentiniň Arap ýurtlaryna sapary

Ata Watan Eserleri

Dokuz aýda 134 halkara resminama baglaşyldy

Iň gowy ispan türgeni