Düýn Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda Gyrgyz Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny mynasybetli brifing guraldy. Oňa “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy.
Gyrgyz Respublikasynyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri, hususan-da, Gyrgyz Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň bellenýän ýylyndaky üstünliklerine bagyşlanan media brifingine Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçisi Ahmet Demirok, daşary ýurt döwletleriň ilçihanalarynyň wekilleri hem-de žurnalistler gatnaşdy.
Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azizbek Madmarow çykyş edip, öz wekilçilik edýän ýurdunyň soňky üç ýyldaky ykdysady ösüş depgini, amala aşyrylýan durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeler, gazanylan üstünlikler barada giňişleýin gürrüň berdi. Diplomatyň aýtmagyna görä, soňky ýyllarda ýurduň ykdysadyýetinde durnukly ösüş saklanyp, jemi içerki önümiň ortaça ösüş depgini 7 göterime deň boldy we ähli pudaklarda ýokary netijeler gazanyldy. 2023-nji ýylda jemi içerki önüm babatda taryhy sepgide ýetildi. Şonda onuň möçberi 1 trillion 229 million soma (takmynan, 14 milliard amerikan dollary) barabar bolup, munuň özi geçen ýyllardakydan görnetin ýokary görkezijidir.
Mälim bolşy ýaly, soňky iki ýylda dostlukly ýurtda Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan demir ýoly, «Kambar-Ata-1» suw elektrik stansiýasy ýaly iri taslamalar amala aşyrylyp başlandy. Munuň özi hem Gyrgyzystanyň maýa goýum boýunça özüne çekiji ýurtdygynyň subutnamasy bolandygyny belledi.
Daglyk ýurt hasaplanýan Gyrgyzystanda 140 milliard kilowat sagat möçberde elektrik energiýasyny öndürmäge mümkinçilik bolup, häzirki wagtda onuň diňe 10 göterimi peýdalanylýar. Bu ugurda hem iri taslamalary durmuşa geçirmek mümkinçilikleriniň bardygy aýdyldy.
Brifingiň ahyrynda ilçihana tarapyndan taýýarlanan, Gyrgyzystanyň sebitlerinde amala aşyrylýan dürli maksatly taslamalar bilen tanyşdyrýan gysgaça wideofilmler görkezildi. Soňra diplomat žurnalistleri gyzyklandyrýan sowallara jogap berdi.
Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk baradaky sowala jogap beren ilçi Azizbek Madmarow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow döwlet baştutany wezipesine saýlanandan soňra ilkinji saparyny Türkmenistana amala aşyrandygyny belläp, Türkmenistan bilen gatnaşyklara aýratyn gadyr goýulýandygyny aýtdy.
Hususan-da, ilçi häzirki wagtda energetika, ulag, söwda ýaly ugurlary öz içine alýan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň 18-siniň üstünde iş alyp barylýandygyny aýtdy.
Ilçi tebigy gaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky sowala beren jogabynda bu ugurda degişli gepleşikleriň geçirilýändigini aýtdy. Ilçi Gyrgyz Respublikasynyň tebigy gazy esasan hem Russiýadan alýandygyny aýdyp, munuň hem ýurduň zerurlyklaryny doly üpjün etmeýändigini aýtdy.