SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistan bilen Germaniýa saglyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny berkider

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Saglygy goraýyş federal ministrliginiň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça bilelikdäki beýannama gol çekdiler. Bu barada Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.

Bu beýannama iki ýurduň saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydygyny ýene-de bir gezek görkezdi.

Bu resminamada saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, bilelikdäki başlangyçlary ilerletmek babatda hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlary giňişleýin beýan edildi.

Şeýle hem Türkmenistan bilen Germaniýanyň saglygy goraýyş ulgamynda iki ýurduň halklarynyň bähbidine hyzmatdaşlyk etmek hem-de tejribe alyşmak babatda özara gyzyklanmalary hem bu resminamada öz ornuny aldy.

Ýene-de okaň

“Şadyýan gurluşyk” hojalyk jemgyýeti Tejen we Daşoguz şäherlerinde saglyk merkezlerini gurar

Türk kompaniýasy Aşgabat şäherinde köpugurly hassahana gurar

Hytaý ýaş hünärmenler üçin täze wiza görnüşini girizýär

AÖB Türkmenistanda şepagatçylyk işini ösdürmek üçin $77 mln maýa goýýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy içerki gatnawlaryň tertibine düzediş girizer

Türkmenistanyň uçarmanlary Ýewropanyň standartlaryna göra taýýarlanar

Ata Watan Eserleri