Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredow, gazak wekiliýetine – Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbasary, Daşary işler ministri – M.B.Tleuberdi ýolbaşçylyk etdiler.
Geňeşmeleriň gün tertibi mazmuna baý boldy. Taraplar türkmen-gazak hyzmatdaşlygy ösdürilmegine gyzyklanma bildirdiler. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ilerledilmeginde ýokary derejedäki saparlaryň möhüm orny bellenilip geçildi, taraplar şu ýylyň dowamynda şeýle saparlary guramagyň mümkinçiliklerine hem seredip geçdiler.
Iki ýurduň halkara we sebit düzümleriniň, hususan-da BMG-niň, GDA-nyň, YHG-nyň we beýleki guramalaryň çäklerindäki özara hereketleriniň oňyn tejribesi bellenildi. Halkara meseleleri babatynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň garaýyşlarynyň gabat gelýändigi nygtaldy. Bu ugurda taraplaryň ikitaraplaýyn, şol sanda MA+Ýaponiýa, MA+Ýewropa Bileleşigi, MA+ABŞ we beýleki köptaraplaýyn formatlarda bilelikdäki işleri dowam etmäge taýýarlyklary beýan edildi.
Hazar meselesi aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Port infrastrukturasynyň netijeli ulanylmagy arkaly, ulag-üstaşyr ulgamynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi dogrusynda işjeň pikir alyşmalar geçirildi. Şu ýyl Türkmenistan Hazarýaka döwletleriniň VI Sammitini geçirmäge taýýarlyk görýär. Şunlukda, taraplar sammitiň gün tertibiniň işjeňleşdirilmegi maksady bilen birnäçe teklipleri orta atdyrlar. Şonuň ýaly-da ekologiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Aral meselelerine seredilip geçildi.
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygyna görülýän taýýarlyklar dogrusynda hem pikirler alyşyldy. Taraplar Merkezi Aziýa we ýanaşyk sebitleriň ähmiýetli mümkinçilikleriniň açylmagy üçin bilelikdäki başlangyçlaryň işlenilip düzülmegine gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Bu ugurda taraplar Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerindäki özara hereketleriň işjeňleşdirilmeginiň derwaýyslygyny nygtadylar.
Diplomatlar bilelikdäki işleriň durmuşa geçirilmegi üçin ähmiýetli mümkinçilige eýe bolan söwda-ykdysady ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljegine seredip geçdiler. Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gazak toparynyň ähmiýeti bellenildi. Çünki onuň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has hem giňeldilmegi maksady bilen anyk taslamalar durmuşa geçirilýär.
Ýangyç-energetika, ulag-logistika we senagat ulgamlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň meselelerine seredilip geçildi.
Konsullyk geňeşmeleriniň öz wagtynda geçirilmegi bilen birlikde, ikitaraplaýyn özara hereketleriň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de giňeltmegiň zerurlygy nygtaldy.
Mundan başga-da taraplar medeni-ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna hem jikme-jik seredip geçdiler. Ylym, bilim, saglygy goraýyş we farmasewtika ugry boýunça gatnaşyklaryň ösdürilmegine gyzyklanma bildirildi.
Gepleşikler jemleri boýunça Ministrler Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2021-2023-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama gol çekdiler.
Android ulgamda işleýän Makul Sözlük Applikasiýasynyň linki