DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Eýranyň jedelli gaz meselesi boýunça arbitraž karary

Halkara Arbitraž kazyýeti, Eýranyň Milli Gaz kompaniýasy bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň arasyndaky tebigy gaz bergisi bilen baglanyşykly jedelli mesele babatda iki tarap üçin hem karar kabul etdi. Bu barada Eýranyň öňdebaryjy habar beriş serişdeleri belläp geçýärler.

“Orient.tm” habarlar gullugynda hem bellenilip geçilişi ýaly, Halkara Arbitraž kazyýeti, Eýranyň Milli Gaz Kompaniýasy (NIGC) bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň arasyndaky jedelli mesele boýunça seljerme işlerini geçirdi we kazyýet düzgünlerine laýyklykda, kabul edilen kazyýet kararynyň oňa gatnaşýanlaryň razylygy bolmazdan mälim edilmeýändigi bellenilýär.

Şeýle hem Eýranyň ýaş žurnalistler toparynyň ýurduň Eýranyň Nebit ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp ýaýradan habaryna görä, Halkara Arbitraž kazyýetiniň bu kararyna öz garaýşyny we pikirini beýan eden Eýranyň Nebit ministrliginiň metbugat beýanatynda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň arasyndaky kazyýet işinde ýeňiji ýa-da ýeňlen tarapyň ýokdugy, munuň söwda kazyýet işidigi bellenilip geçilipdir.

Eýran tarapynyň pikirine görä, kararyň dürli taraplary bolup, käbir ýagdaýlarda “Türkmengaz” döwlet konserniniň garaýyşlary tassyklanýar, käbir halatlarda bolsa Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň pikirleri goldanylypdyr.

Eýran Yslam Respublikasynyň Nebit ministrliginiň metbugat beýanatynda “Bu karar iki dostlukly we goňşy ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine goşant goşar” – diýip bellenilýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Eýran köp ýyllardan bäri energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk edip gelýär. Ýöne soňky ýyllarda Eýranyň milli gaz kompaniýasy (NIGC) ikitaraplaýyn şertnamalara laýyklykda Eýran tarapyna berilýän türkmen tebigy gazy üçin töleglerini amala aşyrman, gaty uly möçberde bergi emele getirdi.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylary Eýranyň wekilleri bilen tebigy gazy üçin bergi meselesi boýunça geçirilen gepleşiklerde belli bir karara gelmegiň mümkin däldigini mälim edipdi. Bilelikdäki we özara kabul ederlikli kararyň kabul edilmegi üçin taraplar halkara arbitraž kazyýetine ýüz tutmak kararyna gelipdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ilçisiniň Filippinler Respublikasyna iş sapary amala aşyryldy

Meredow bilen Lawrow Türkmenistanyň SPIEF-e gatnaşmagyny ara alyp maslahatlaşdylar

Russiýanyň daşary işler ministri Türkmenistana geler

Türkmenistan bilen Russiýanyň haryt dolanyşygy 1,6 milliarddan geçýär

Türkmenistan ABŞ-daky wiza möhleti bozulmalarynda iň az düzgün bozan ýurt

Hindistanyň ilaty 1,5 milliarda golaýlady