DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklarymyzyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy barada

Türkiẏe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat üçin beẏannamasy 

No: 67

2022-nji ẏylyň 28-nji fewraly

Dostlukly we doganlykly Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklarymyzyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllyk şanly baẏramyny belleẏäris.

Türkiẏe, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar eden hem-de öz ilçihanasyny açan ilkinji döwletdir. Ikitaraplaẏyn gatnaşyklarymyz we hyzmatdaşlygymyz, geçen 30 ýylyň içinde halklarymyzyň arasyndaky çuň kökleri bolan taryhy we medeni baglardan möwç alẏan doganlygymyzyň binẏadynda, özara hormat goẏmagyň we umumy bӓhbitleriň esasynda her pudakda özgerip, pugtalandy. Dilimiziň, medeniýetimiziň, ynanjymyzyň we köklerimiziň umumylygy, özara bähbitlerden has-da wajyp bolan köňül baglary bilen bizi birek-birek bilen jebisleşdirýär.

Soňky döwürde ähli ugurlarda bat gazanan ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz, Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna agza bolmagy bilen has-da pugtalanyp, 2021-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň şeẏle-de Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyran özara saparlary bilen ẏokary derejӓ çykdy. Öňümizdӓki döwürde söwda, maýa goýumlary, energetika, ulag, medeniýet, bilim hem-de beýleki ençeme ugurlarda özara ӓdilmeli ädimler, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň gerimini has-da giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga goşant goşar.

Geçen 30 ýyllyk döwürde Türkmenistan, ýurdumyzyň şeẏle-de halkara jemgyýetiniň goldawyny alan “Hemişelik Bitaraplyk” syýasaty bilen, sebitde durnuklylygyñ we rowaçlygyñ üpjün edilmegine goşant goşýar. Türkiýe geçmişde bolşy ýaly, gelejekde-de möhüm özgerişlikleriň we öňe gidişligiň bosagasynda duran Türkmenistanyň ýanynda bolmaga dowam eder.

Diplomatik gatnaşyklarymyzyñ ýola goýulmagynyñ 30-njy ýylynyñ bellenilip geçilýän şu şatlykly gününde, ata Watanymyz Türkmenistan bilen, berkarar doganlygymyzy pugtalandyrmaga we hyzmatdaşlygymyzy ähli ugurlarda has-da ösdürmӓge ygrarlydygymyzy ýene-de bir gezek tassyklaýarys.

 

Saýlaw-2022: GDA-nyň synçylar topary bilen duşuşyk

Ýene-de okaň

ABŞ-da “six seven” (6–7) sözi ýaşlaryň arasynda trend boldy

Eýran bilen Türkmenistan Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy

Aşgabatda ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak baradaky goşantlaryna jemgyýetçiligiň gatnaşmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň Prezidentlerine Lew Tolstoý baýragy gowşuryldy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary

Täze ýyl baýramy mynasybetli göçme söwdalar geçirilýär

Ata Watan Eserleri