JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Çehiýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Türkmenistanyň we Çehiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary Wepa Hajiýewiň hem-de Martin Tlapanyň derejesinde onlaýn görnüşinde daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi.

Mähirli salamlaşanlaryndan soňra, taraplar özara gyzyklanma döredýän ulgamlaryň ählisi boýunça iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny nygtadylar.

Taraplar parlament ugry boýunça hyzmatdaşlygyň derejesine hem seredip geçdiler. Türkmenistanyň Mejlisinde Çehiýa bilen Parlamentara Dostluk topary döredildi. Bu ugurda özara hereketleriň ilerledilmegi üçin degişli ýagdaýlaryň nazarda tutulmagynda özara duşuşyklary we saparlary guramagyň mümkinçiliklerine seretmek teklip edildi.

Diplomatlar iki ýurduň daşary syýasatynda ileri tutýan ugurlaryny hem-de Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Ählumumy parahatçylygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň saklanylmagynda garaýyşlaryň birmeňzeşligi bellenilip geçildi. Parahatçylyk söýüjilik esasly başlangyçlaryň özara goldanylmagy bilen birlikde BMG-niň we ÝB-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ýagdaýy hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara hereketleriň şertnama-hukuk binýadynyň ösdürilmeginiň zerurlygy nygtaldy.

Çehiýa tarapy Owganystanda parahatçylyk prosesiniň ilerledilmegine ýardam bermek bilen birlikde, sebit hem-de halkara işlerinde Türkmenistanyň işjeň ornuna ýokary baha berdi.

Taraplar öňyn mümkinçilikleri bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirdiler. Iki ýurduň Söwda-syýasat edaralarynyň we işewürler toparynyň arasynda onlaýn duşuşyklary guramagyň meselelerine hem seredilip geçildi. Çehiýa tarapy Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasy (BSG) bilen hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdi we bu abraýly gurama bilen hyzmatdaşlygynyň indiki tapgyrlarynda ýakyndan ýardam bermäge taýýarlygyny beýan etdi.

Dünýädäki pandemiýa ýagdaýlary, onuň durmuş-ykdysady netijeleri barada gürrüň etmek bilen, taraplar Aziýadan Ýewropa ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ýola goýulmagy boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Energetika we energohowpsuzlyk meseleleri dogrusynda pikirler alyşyldy. Taraplar medeni-ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň derwaýys ugurlaryna hem seredip geçdiler.

 

Akmuhammet Hanow: Bagtyma şaýat bolan Sungat

Ýene-de okaň

“Makul habar” elektron gazeti (33-sany)

Ata Watan Eserleri

Awazada taryhy üçtaraplaýyn duşuşyk: energetika we ulag hyzmatdaşlygy ösdüriler

Özbegistanyň Prezidentine köşekli arwana düýe sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Awazadaky taryhy üçtaraplaýyn duşuşyk: resminamalar toplumyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň Prezidentine ahalteke bedewini sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Özbegistan Türkmenistana we Azerbaýjana uglewodorod ýataklary özleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk teklip etdi

Ata Watan Eserleri