DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasy hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Atageldi Haljanowyň Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň (BIEG) Baş sekretary Daren Tang bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ugurlary we mümkinçilikleri babatynda pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, 2020-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmek Maksatnamasynyň wajyplygy bellenildi. Onda ýöriteleşdirilen halkara guramalary, şol sanda BIEG we Ýewraziýa patent guramasy bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ähmiýetli orun berilýär.

 

Türkmenistan Owganystan boýunça duşuşyga gatnaşdy

Ýene-de okaň

Türki dünýäsiniň futbol diplomatiýasy

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

Seulda türkmen-koreý syýasy geňeşmeleri geçirildi

17-nji aprelde GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler

Aşgabat-Seul: konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

Türkmenistan Ýaponiýanyň gadymy paýtagty bolan Nara şäheri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär