SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistan bilen BAE lukmançylyk ugurly hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Serdarmammet Garajaýew BAE-däki «Burjeel Holdings» kompaniýasynyň halkara işewürligi ösdürmek boýunça menejeri jenap Asif Asgarow bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň dürli mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdyrlar we geljekde Türkmenistana we kompaniýa peýdaly boljak taslamalary durmuşa geçirmäge niýetlerini mälim etdiler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar lukmançylyk syýahatçylygy, näsaglary bejermegiň we olara hyzmat etmegiň innowasion ugurlarynda we beýleki ugurlarda tejribe alyşmagy, şeýle-de lukmanlaryň hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça alyş-çalyş maksatnamalaryny döretmegi ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty senagaty ministrligi bilen «Burjeel Holdings» kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýamagy we aragatnaşyk ugurlaryny döretmeklige aýratyn üns berildi.

Duşuşykda iki tarap hem saglygy goraýyş pudagynda ösüşi we innowasiýalary güýçlendirmek maksady bilen hyzmatdaşlygy berkitmeklige aýratyn üns berjekdilerini nygtadylar.

Ýene-de okaň

Fransiýanyň syýahatçylykda täze taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady