BIZNES

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky üstaşyr ýük daşamalary artýar

Ilçi Gismet Gozalowyň “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynda “Umumy mirasa esaslanýan hyzmatdaşlyk: Azerbaýjan-Türkmenistan gatnaşyklarynyň ösüşi” atly iňlis dilinde makalasy çap edildi.

Makalada Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni ulgamlardaky gatnaşyklaryň ösüşi, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri giňişleýin beýan edilýär.

Ilçi makalasynda şeýle dýidi:

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky üstaşyr ýük daşamalary soňky ýyllarda ep-esli artdy. 2025-nji ýylyň ilkinji ýedi aýynda, tranzit daşamalaryň möçberi 1.28 million tonna ýetdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 13% köpdür. Ýükleriň esasy bölegi (takmynan 76%) “Gündogar–Günbatar” ugry boýunça demir ýol ulagynyň paýyna düşýär.

Şeýle hem Azerbaýjanyň ilçisi soňky 7 ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 3 esse artandygyny belläp, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň hem ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlyk edýändigini belledi.

Ilçi bu babatda “Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan” hem-de “Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan” üçtaraplaýyn duşuşyklara aýratyn ünsi çekipdir.

Mundan başga-da, ilçiniň bellemegine görä, Azerbaýjanda 74 türkmen täjirçilik kompaniýalaryň iş alyp barýar we Türkmenistanda “Azerbaýjanda öndürildi” görnüşinde onlaýn azerbaýjan önümleriniň söwdasy ýola goýuldy.

 

Ýene-de okaň

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler