DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ylmy hyzmatdaşlygy ösdürýär

Azerbaýjan Respublikasynyň Turkmenistandaky ilçisi Gismat Gozalow Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory Dawut Orazsähedow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky doganlyk we strategik hyzmatdaşlyk iki ýurduň Liderleriniň syýasy erki netijesinde gatnaşyklarynyň 2025-nji ýylda täze ösüş tapgyryna çykandygy nygtaldy, özara ýokary derejeli saparlaryň we gatnaşyklaryň işjeňligi bellenildi.

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki Hökümetara Toparynyň çäklerinde medeni we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňelýändigi, özara taslamalaryň durmuşa geçirilýändigi we halklaryň arasyndaky dostluk, doganlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalanandygy bellenildi.

2025-nji ýylda Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilendigi we 2026-njy ýylda bolsa Türkmenistanda Azerbaýjanyň Medeniýet günleriniň geçiriljekdigi habar berildi.

Şeýle hem duşuşykda ýurtlarymyzyň arasyndaky ylym we bilim ugurlarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biridigi we bu ugurda özara saparlaryň, şeýle hem iki ýurduň ylmy edaralarynyň arasyndaky institutsional hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagynyň möhümdigi aýratyn bellenildi.

Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň mirasyny bilelikde öwrenmegiň möhümdigi nygtaldy, onuň döredijiliginiň Azerbaýjanda hemişe uly gyzyklanma bilen garşylanandygy, eserleriniň azerbaýjan diline terjime edilip, neşir edilendigi we şuňa laýyklykda geçen ýyl Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň azerbaýjan we türkmen dillerinde çap edilen “Aşyk bolmuşam” goşgular kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň geçirilendigi bellenildi. 2025-nji ýylda Azerbaýjanda Magtymguly Pyragynyň türkmen edebiýaty merkeziniň işläp başlandygy bellenildi.

Duşuşykda taraplar Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda gol çekilen ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalaryň amaly netijeleri berendigini bellediler we ýokary okuw mekdepleri bilen ylmy-barlag institutlarynyň arasynda bilelikdäki ylmy maksatnamalary durmuşa geçirmek, bilelikdäki maslahatlary we simpoziumlary guramak, ýaş alymlary alyş-çalyş etmek we bilelikdäki ylmy neşirleri taýýarlamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, AMYA-nyň Muhammet Fizuli adyndaky Golýazmalar Instituty bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy bilelikdäki ylmy-barlag işleri, golýazmalary alyş-çalyş etmek, sanlylaşdyrmak we bilelikdäki neşirler arkaly giňeltmegiň möhümdigi bellenildi.

Şol bir wagtyň özünde, ÝUNESKO-nyň, TÜRKSOÝ-yň, Türk Medeniýeti we Mirasy Gaznasynyň, şeýle hem Türki Akademiýasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Rus ýolagçy uçarlaryny Hindistanda öndürmek meýilleşdirilýär

Türk kompaniýalary Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna gatnaşmaga taýýar

Türkiýe Türkmenistan bilen bilelikde Transhazar geçelgesiniň ösdürilmegini çagyrdy

Türkiýäniň söwda ministri Türkmenistana geler

Tbiliside Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni bellenildi

Iňlis dili okuw sapaklaryna gatnaşan Mejlisiň wekillerine şahadatnamalary gowşuryldy