DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Aýlagdaky Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi ähtnama gol çekişdi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna, şeýle hem söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlary, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory bilen Aýlagdaky Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary Naýef Falah Mubarak Al-Hajrafiniň duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Aýlagdaky Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň arasynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Aýlagdaky Arap döwletleriniň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Ýurdumyz sebit hem-de halkara gatnaşyklarda parahatçylygyň we ynanyşmagyň medeniýetini kemala getirmek meselesinde işjeň orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, sebitiň ýurtlarynyň hem-de halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmegine uly ähmiýet berilýär.

Ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň, şeýle hem energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň, harytlaryň we hyzmatlaryň görnüşleriniň, özara haryt dolanyşygynyň möçberleriniň mundan beýläk-de artdyrylmagynyň möhümdigi bellenildi.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Aýlagdaky Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretariatynyň arasynda geňeşmeleriň guraly barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Aýlagdaky Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň arasyndaky gatnaşyklaryň uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtadylar.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri