BILIM

Türkmenistan Beýik Britaniýanyň Kowentri uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk eder

Türkmen wekiliýetiniň Birleşen Patyşalyga amala aşyran saparynyň çäklerinde, Kowentri uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň esasy ugurlary akademiki hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, ýokary bilim ulgamynda tejribe alyşmak we öňdebaryjy bilim tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly boldy.

Wekiliýet Kowentri uniwersitetiniň Londondaky şahamçasyna baryp görmeginiň çäklerinde halkara standartlaryna laýyk gelýän bilim maksatnamalary bilen tanyşdy.

Britan uniwersitetiniň wekilleri sanly tehnologiýalary okuw işine ornaşdyrylmak we senagat pudagy bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça birnäçe başlangyjy öňe sürdüler. Kowentri uniwersiteti dünýäniň abraýly Times Higher Education we QS Education Ranking sanawlaryna girýän ýokary okuw mekdebidir.

Şeýle hem duşuşykda birnäçe anyk meselelere garaldy:

• Türkmen talyplarynyň uniwersitetiň halkara uçurymlar toruna we okuw platformasyna girmäge mümkinçiligini öwrenmek.

• Daşary ýurtly talyplara goldaw bermegiň meseleleri, şol sanda iňlis dili boýunça okuwlary guramak we Londonyň iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň esasynda iş bilen üpjünçilik meselelerini çözmek.

• Halkara marketing, sanly marketing we maglumat seljermesi, global ykdysadyýet, bank işi we maliýe ýaly ugurlar boýunça magistr maksatnamalary.

Ýene-de okaň

Aşgabatda III Halkara matematika olimpiadasy geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkiýede uçarman ugry boýunça okajak türkmen ýaşlarynyň dykgatyna!!!

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekilleri Hindistanda halkara bilim maksatnamasyna gatnaşýarlar

Türkmen-hytaý energetika okuw merkezi döredildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

TOHU-da «Döwrebap ykdysadyýetçi üçin diplom ýeterlikmi?» atly açyk sapak geçirildi