BIZNES

«Türkmenistan» banky: «Onlaýn halkara töleg» hyzmaty hödürlenýär

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň okuw we gündelik çykdajylary üçin «VISA» we «Master Card» bank kart hasaplaryna manat serişdelerini onlaýn görnüşde özbaşdak goýmaga we erkin daşary ýurt puluna öwürmäge mümkinçiligi döredýän «Onlaýn halkara töleg» hyzmatyndan peýdalanmaga çagyrýar.

Tölegi onlaýn görnüşinde amala aşyrmak üçin raýatlarymyz bir gezeklik banka gelip, tölege degişli resminamalary getirenden soň, bank işgärleri tarapyndan internet arkaly ähli sazlamalar ýerine ýetirilýär. Şeýlelik bilen müşderiler bankyň resmi www.tnbk.tm internet sahypasynyň «Onlaýn hyzmatlar» bölüminde ýerleşdirilen «Internet bank» bölümçesiniň üsti bilen hyzmatyň amatly mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilerler.

Hormatly ildeşler! «Onlaýn halkara töleg» ulgamy hyzmatyndan peýdalanmak üçin bankyň merkezi edarasyna ýa-da onuň islendik şahamçasyna ýüz tutup bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: +993 12 44-03-04; +993 12 44-35-74.
Şahamçalarymyzyň salgylary we telefon belgileri bankyň resmi www.tnbk.tm internet sahypasynda ýerleşdirilen.

Ýene-de okaň

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy