SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

«Türkmenistan» awiakompaniýasy habar berýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasy diňe Türkmenistanyň raýatlary üçin Promo nyrhyny wagtlaýyn ýola goýýar we ýolagçylaryň goşlaryny daşamak boýunça täze konsepsiýasyny hödürleýär diýlip https://turkmenistanairlines.tm/ saýtynda aýdylýar.

Bu habarda bellenişine görä, «Türkmenistan» awiakompaniýasy nyrhlaryny täzelemek bilen, uçuşlaryň başlangyç tapgyrynda ekonom klasynyň täze Promo «A» nyrhyny daşary ýurtda diňe Türkmenistanyň raýatlary üçin 90% arzanladyş awiabiledini satuwlarda hödürleýär.

Awiabilediň bahasy ugruna baglydyr, şeýle hem oňa üýtgeşme girizilip bilner:

 “Google” we “Atavatan” saýty bäsleşýär: häzirlikçe “Google” öňde

 

Almaty – Türkmenistan – 110 USD
Dubaý – Türkmenistan – 143 USD
Abu Dabi – Türkmenistan – 144 USD
Stambul – Türkmenistan – 157 USD
Ankara – Türkmenistan – 151 USD
Deli – Türkmenistan – 152 USD
Amritsar – Türkmenistan – 179 USD
Moskwa – Türkmenistan – 150 USD
Sankt-Peterburg – Türkmenistan – 165 USD
Kazan – Türkmenistan – 135 USD
Minsk – Türkmenistan – 148 USD
Pekin – Türkmenistan – 158 USD
Bangkok – Türkmenistan – 160 USD
London – Türkmenistan – 277 USD
Birmingem – Türkmenistan – 271 USD
Frankfurt – Türkmenistan – 257 USD

 

 

 

https://www.atavatan-turkmenistan.com/makul-hyzmat-terjime-intellektual-telekecilik-baslangyclary/

Çagalar üçin sözlük indi “offline” hem işleýär

Mundan başga-da, 2021-nji ýylyň 25-nji martyndan Agram konsepsiýasyndan (Weight Concept) Bölekleýin konsepsiýasyna (Piece Concept) wagtlaýyn geçer, bu bolsa klasyna degişli  bellenen iň ýokary agramy bilen goşmaça ýene 1 (bir) sanydan ybarat bolan bagažy (ýa-da sumka/torba we ş.m.) kesgitlenen tölegi bilen alyp bilersiňiz, ýagny mugt bagaž ekonom klasy üçin 25 kg, biznes klasy üçin 40 kg, şol sanda el goşlary bilen. Klasyna laýyk kesgitlenen bagažyndan daşary galan goşlaryny, ýagny 1 (bir) sany goşuny(çemodan, sumka) 32 kilograma çenli belli bir kesgitlenen bahada 50 ABŞ dollaryndan 60 ABŞ dollaryna çenli tölener.

Almaty / Dubaý / Abu-Dabi – Türkmenistan kesgitlenen mugt bagaždan daşary ýene 32 kg çenli 1 (bir) goş bölegi üçin 50 ABŞ dollary;

Stambul / Ankara / Deli / Amritsar / Moskwa / Sankt-Peterburg / Kazan / Minsk / Pekin / Bangkok / London / Birmingem / Frankfurt – Türkmenistan kesgitlenen mugt bagaždan daşary ýene 32 kg çenli 1 (bir) goş bölegi üçin 60 ABŞ dollaryndan ybaratdyr.

“Makul Hyzmat Terjime”: Intellektual telekeçilik başlangyçlary

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Ýaponiýa göni howa gatnawlary barada maslahat etdi

Astrahan Türkmenistan bilen uçar gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

“S7” awiakompaniýasy Moskwa-Aşgabat-Moskwa ugry boýunça howa gatnawlary ýerine ýetirip başlady

Aşgabat-Stambul-Aşgabat gatnawynda bilet arzanladyşy

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy bir hepdelik wiza resmileşdirmegi togtadýar

Türkmen lukmanlary halkara tejribesini artdyrýarlar

Ata Watan Eserleri