SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Türkiýä ugry boýunça ýörite gatnawy amala aşyrdy

Häzirki wagtda Türkmenistandan Türkiýe Respublikasy ugry boýunça ýörite uçar gatnawlary dowam edýär.

Alnan maglumatlara görä, “Türkmenistan” awiakompaniýasy hem-de “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy awgust aýynda birnäçe ýörite gatnawlary memeýilleşdirdi. Meýilleşdirilen ýörite uçar gatnawlarynyň çäklerinde  “Türkmenistan” awiakompaniýasy 2022-nji ýylyň 16-njy awgustynda Türkiýä ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny ýerine ýetirdi. Ozal hem habar berşimiz ýaly, “Türkmenistan” awiakompaniýasy mundan ozalky ýörite gatnawyny şu ýylyň 12-nji awgustynda amala aşyrypdy. 

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň göz öňünde tutýan beýleki ýörite uçar gatnawlary baradaky habarlary bolsa, gatnawlar senesi belli bolan wagty habar bereris. Bellemeli zat, soňky birnäçe aýyň dowamynda ýörite uçar gatnawlary yzygiderli artýar. Käbir ugurlara bolsa, adaty uçar gatnawlary ýola goýuldy.

Türkiýe ugry boýunça şeýle hem “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy hem birnäçe ýörite uçar gatnawlaryny meýilleşdirýär. “Türkhowaýollary” sentýabr aýynda hepdede 2 gezek Türkmenistan ugry boýunça 2 ýörite gatnawlary, ýagny duşenbe we anna günleri gatnawlary ýerine ýetirmegi göz öňünde tutýar. 

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär