SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Stambul ugurly ýörite gatnawyny ýerine ýetirdi

Bilşiniz ýaly, sonky wagtda size her 2-3 günden bir Stambul ugurly uçar gatnawlary baradaky habarlary ýetirip gelýäris. Kätesinde bir günde 2 gatnaw ýagny “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň we “Türk howaýollary” awiakompaniýasynyň uçar gatnawlaryny amala aşyrýandygy baradaky maglumatlary dykgatyňyza ýetirýän wagtymyz boldy.

Aslynda soňky birnäçe aýyň dowamynda ýörite uçar gatnawy yzygiderli artyp gelýän bolsa, esasan hem türkmen ýaş oglan gyzlarynyň daşary ýurtlardaky okuw mekdeplerine gidýän möwsüminde, ýagny awgust aýynda has-da artdy.

Ine, şu gün hem alnan maglumatlara görä, “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Türkiýä ugurly ýörite gatnawy amala aşyryldy. Öňümizdäki günlerde hem birnäçe ýörite uçar gatnawynyň bardygyny ýatlatmak isleyäris.

Önümizdaki aýda bolsa “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň we “Türk howaýollary” awiakompaniýasynyň ýörite uçar gatnawynyň has artmagyna garaşylyar.

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär