SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: Moskwa-Aşgabat-Kuala-Lumpur gatnawlary başlaýar

2024-nji ýylyň 15-nji fewralyndan “Türkmenistan” awiakompaniýasy Russiýanyň paýtagty Moskwadan Aşgabadyň üsti bilen Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherine uçar gatnawlary ýola goýmagy meýilleşdirýär. Şeýle hem 2024-nji ýylyň 5-nji martyndan Moskwa-Aşgabat-Hoşimin (Wýetnam) ugry boýunça gatnawlara başlanar.

Şeýle hem 2024-nji ýylyň 31-nji marty-26-njy oktýabry aralygynda Kazan-Aşgabat-Hoşimin we yzyna gatnawlar ýerine ýetiriler.

Moskwa şäherinden Kuala-Lumpur şäherine gatnawlar 15-nji fewral-30-njy mart aralygynda her hepdäniň şisenbe, çarşenbe we perşenbe günleri, 31-nji mart-26-njy oktýabr aralygynda bolsa, sişenbe we şenbe günleri ýerine ýetiriler.

Moskwa şäherinden Hoşimin şäherine gatnawlar 5-30-njy mart aralygynda her hepdäniň şisenbe, çarşenbe we perşenbe günleri, 31-nji mart-26-njy oktýabr aralygynda bolsa, anna, şenbe we ýekşenbe günleri ýerine ýetiriler.

Gatnawlar “Boeing 777” kysymly uçarda amala aşyrylyp, “Türkmenistan” awiakompaniýasy şu hyzmatlary hödürleýär:

  • Amatly üstaşyr uçuş
  • El goşlary äkitmek  (ekonom synpda 1 orun üçin 25 kg, biznes synpda 2 orun üçin 40 kg)
  • Uçuş döwründe gyzgyn tagamlar hödürlener
  • Aşgabadyň howa menzilinden wizasyz üstaşyr geçmek.

Biletleri https://turkmenistanairlines.ru/ saýtyndan hem-de agentligiň söwda nokatlaryndan alyp bolar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar