«Türkmenistan» awiakompaniýasy Milan (Italiýa), Kuala-Lumpur (Malaýziýa), Jidda (Saud Arabystany) we Hoşimin (Wýetnam) şäherlerine halkara howa gatnawlaryny ýola goýýar. Bu barada «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Häzirki wagtda Aşgabadyň Halkara howa menzilinden amala aşyryljak Kuala-Lumpur, Jidda, Hoşimin we Milan şäherlerine gidiş we gaýdyş biletleriniň onlaýn satuwy başlanyldy.
Bu ugurlar boýunça ilkinji uçuşlaryň 2024-nji ýylyň fewral-mart aýlarynda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär.
«Türkmenistan» awiakompaniýasy aşakdaky tertipde gatnawlary amala aşyrar:
- Aşgabat – Kuala-Lumpur — Aşgabat, hepdede iki gezek, sişenbe we penşenbe günleri, uçuşlar 2024-nji ýylyň 15-nji fewralyndan başlanylar;
- Aşgabat – Jidda — Aşgabat, hepdede üç gezek, sişenbe, çarşenbe we anna günleri, uçuşlar 2024-nji ýylyň 16-njy fewralyndan başlanylar;
- Aşgabat – Milan — Aşgabat, hepdede 1 gezek, çarşenbe güni, uçuşlar 2024-nji ýylyň 6-njy martyndan başlanylar;
- Aşgabat – Hoşimin — Aşgabat, hepdede iki gezek, sişenbe we penşenbe günleri, uçuşlar 2024-nji ýylyň 7-nji martyndan başlanylar;
Şeýlelikde, bu ýyl «Türkmenistan» awiakompaniýasy 12 ýurduň şäherlerine 14 sany halkara ugur boýunça uçuşlary amala aşyrar.