SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Londona 2-nji gatnawyny açmagy meýilleşdirýär

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Beýik Britaniýanyň London şäheri ugruna 2-nji uçar gatnawyny açmagy meýilleşdirýär. Mälim bolşy ýaly, geçen hepde “Türkmenistan” awiakompaniýasy şu ýylyň ýaz aýynda Aşgabat – London Gatwik ugra uçuşyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu gatnaw ozal bar bolan Londonyň Hitrou aeroportuna amala aşyrylýan uçuşlaryň ýerini çalşar.

“AeroRoutes” kompaniýasynyň habar bermegine görä, “Türkmenistan” awiakompaniýasy London ugry boýunça 2024-nji ýylyň 1-nji maýyndan 2-nji gatnawyny ýerine ýetirmegi meýilleşdirýär. Şeýle hem bu senäniň üýtgemegi mümkin.

Soňky maglumata görä, Gatwik aeroportuna gonuş 6-njy aprelden başlanar. 

T5423 ASB1200 – 1510LGW 73H 3
T5427 ASB1230 – 1540LGW 77L 6

T5424 LGW1655 – 0300+1ASB 73H 3
T5428 LGW1705 – 0255+1ASB 77L 6

Londonyň Gatwik howa menzili (LGW), Angliýanyň paýtagt sebitine hyzmat edýän alty sany esasy howa menzilleriniň biri, Hitroudan soň bolsa, ýurtdaky iň işjeň ikinji howa menzilidir. Londonyň merkezinden takmynan 45 km uzaklykda ýerleşýän bu howa menzili “British Airways” kompaniýasy üçin merkez bolup hyzmat edýär. Bu ýere “Emirates”, “Turkish Airlines” we beýleki iri awiakompaniýalaryň uçarlary gonýar we bu ýerden uçýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklandy

Ata Watan Eserleri

Hytaý emeli adada dünýäniň iň uly howa menzilini gurar

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna: Türkiýäniň wizasy üçin täze bildiriş

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy