“Türkmenistan” awiakompaniýasy Russiýanyň Moskwa hem-de Kazan şäherlerinden Bangkok şäherine uçar gatnawlaryny ýerine ýetirer. Bu barada awiakompaniýasynyň Russiýadaky wekilhanasynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Resmi saýtda 2023-2024-nji ýylyň (31.03.2024-e çenli) uçar gatnawlarynyň güýz-gyş rejesi barada maglumat berilýär.
Moskwa-Bangkok-Moskwa
* Anna güni: Moskwadan uçuş 10:55, Bangkoga gonuş 02:55/+1
Bangkok-Moskwa ugry boýunça
Ýekşenbe güni: Bangkokdan uçuş 14:05, Moskwa gonuş 23:40
Kazan-Bangkok-Kazan
* Duşenbe güni: Kazandan uçuş 10:00, Bangkoga gonuş 02:55/+1
* Şenbe güni: Kazandan uçuş 17:00, Bangkoga gonuş 11:50/+1
Bangkok-Kazan ugry boýunça:
* Şenbe güni: Bangkokdan uçuş 04:20, Kazana gonuş 14:30
* Ýekşenbe güni:Bangkokdan uçuş 14:05, Kazana gonuş 23:05
Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2023-nji ýylyň 22-nji dekabryndan başlap, hepde-de 2 ýygylyk bilen Aşgabat – Bangkok – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli ýolagçy gatnawlaryny ýerine ýetirip başlaýandygyny habar beripdik.
Mundan başga-da, «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2023-nji ýylyň 15-nji dekabryndan başlap, Aşgabat – Moskwa – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli ýolagçy gatnawlaryny täzeden ýerine ýetirip başlaýar.
