SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: Aşgabady Seul bilen baglanyşdyrýan täze ugry açdy

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” AGPJ 2025-nji ýylyň 14-nji iýulyndan başlap Aşgabat — Seul — Aşgabat ugry boýunça hepdede bir gezek yzygiderli gatnawy ýola goýdy. Uçuşlar duşenbe günleri amala aşyrylýar.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinden uçuş sagat 09:15-de, Inçhon Halkara howa menzilinden bolsa yzyna uçuş sagat 22:45-de ýerine ýetirilýär.

Täze ugruň ýolagçy we ýük daşamalaryny artdyrmaga ýardam bermegine, syýahatçylara, telekeçilere we Merkezi Aziýa, Ýakyn Gündogar we Ýewropa sebitleri bilen gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýän işewürler toparlarynyň wekillerine goşmaça mümkinçilikleri döreder.

Related posts

Türkmenabatdan Russiýa ýörite uçar gatnawy

Biometrik Pasport : Daşary ýurtlardaky raýatlarymyz üçin soraglara jogaplar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersiteti ylmy elektron žurnal çap eder