SPORT

Ýoahim Löw Özbegistanyň milli ýygyndysyna baş tälimçi bolup biler

Ýoahim Löwiň Özbegistanyň milli futbol ýygyndysyna baş tälimçi bolup biljekdigi habar berilýär. Bu barada “Championat.Asia” habar berýär.

Özbegistanyň Futbol assosiasiýasy Germaniýanyň öňki milli tälimçisi bilen gepleşiklere başlady.

Özbegistanyň milli ýygyndysy ilkinji gezek taryhynda dünýä çempionatynyň final bölegine çykyp, 2026-njy ýylda geçiriljek Dünýä çempionatynda çykyş eder.

Ýoahim Löwiň ýolbaşçylygynda Germaniýanyň milli ýygyndysy 2014-nji ýylda dünýä çempiony boldy. Löw bu wezipesinden 2021-nji ýylda boşadylypdy.

Häzirki wagtda Özbegistanyň ýygyndysyna Timur Kapadze ýolbaşçylyk edýär. Ol bu wezipä şu ýylyň ýanwar aýynda, saglyk ýagdaýy sebäpli wezipesinden giden Sreçko Katanesiň ýerine bellenildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder

«Barselona» topary Entoni Gordony satyn aldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankulyýew WBC Eurasia çempiony boldy

Messi 6-njy gezek futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Gurban Berdiýew “Spartak” toparyna tälimçi bolmandygyna ökünýär

“Kristal Pelas” UEFA-nyň Konferensiýa ligasynyň kubogyny gazandy