“Türkmenistan” awiakompaniýasy 2024-nji ýylda özüniň uçar gatnawlarynyň geografiýasyny giňeldip, hyzmat ediň toruny giňelder. Bu barada “AeroRoutes” kompaniýasy habar berýär.
“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň 2024-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda Aşgabat-Abu-Dabi, 5-nji martda Aşgabat-Hoşimin, 6-njy martda Aşgabat-Milan ugurlary boýunça täze 3 ugurda gatnawlary täzeden dikeltjekdigi bellenildi.
Bu maglumaty ýaýradan “AeroRoutes” kompaniýasy tutuş dünýädäki awiakompaniýalarynyň rejesini we torlaryny täzeläp durýan ýöriteleşdirilen kompaniýadyr.
Bu kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, täze gatnawlar barada şeýle maglumatlar berilýär:
Aşgabat-Abu-Dabi: 05.01.2024 – hepdede bir gezek “Boeing 737-700” kysymly uçar bilen gatnawlar amala aşyrylar.
T5825 ASB2015 – 2145AUH 73G 5
T5826 AUH2310 – 0240+1ASB 73G 5
Aşgabat-Hoşimin, 05.03.24, hepdede 2 gezek, “Boeing 777-200LR” kysymly uçar bilen gatnawlar ýola goýlar.
T5657 ASB0740 – 1720SGN 77L 4
T5655 ASB1550 – 0130+1SGN 77L 2
T5656 SGN0330 – 0915ASB 77L 3
T5658 SGN1920 – 0105+1ASB 77L 4
Aşgabat-Milan, 06.03.24 – hepdede 1 gezek “Boeing 777-200LR” kysymly uçar bilen gatnawlar ýerine ýetiriler.
T5441 ASB1520 – 1720MXP 77L 3
T5442 MXP1920 – 0505+1ASB 77L 3
Ozal hem habar berşimiz ýaly, “Türkmenistan” awiakompaniýasy 15-nji dekabrda Aşgabat-Moskwa-aşgabat ugry boýunça gatnawyny täzeden ýola goýdy.
Mundan başga-da, “Boeing 777-300ER” kysymly uçar bilen 2023-nji ýylyň 22-nji dekabrda Aşgabat-Bangkok ugry boýunça gatnawlar ýerine ýetirilip başlandy.