SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 9 şähere halkara gatnawlary ýola goýýar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy şu ýylyň mart-aprel aýlarynda dünýäniň 9 iri şäheri bilen halkara howa gatnawlaryny ýola goýýar. Awiakompaniýa Tailandyň Bangkok, Belarusyň Minsk, Hindistanyň Deli, Gazagystanyň Almaty, Russiýanyň Sankt-Peterburg, Türkiýäniň Ankara, Fransiýanyň Pariž, Koreýa Respublikasynyň Seul we Ýaponiýanyň Tokio şäherlerine halkara uçar gatnawlaryny täzeden dikelder.

Bu barada “Orient” neşiri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligine salgylanyp habar berýär.

Şeýle hem şol bir wagtda ýük gatnawlarynyň ugurlary hem giňeldiler. Türkmenistan yzygidelri ýük gatnawlaryny Wýetnamyň Haoný, Koreýa Respublikasynyň Seul we Hytaý Halk Respublikasynyň Şençžen şäherleri bilen ýola goýar.

Halkara ugurlar boýunça yzygiderli we adaty uçar gatnawlaryň ýola goýulmagy ilkinji nobatda dünýäde epidemiologik ýagdaýyň gowulanmagy bilen baglanyşyklydyr.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýolbaşçysyna halkara uçar gatnawlarynyň ugurlaryny giňeltmek boýunça tabşyryklar beripdi.

Şonuň netijesinde, halkara uçar gatnawlarynyň ugurlary koronawirus pandemiýasyndan ozalky derejesine ýetirmek üçun tagalla edilýär.

Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Türkiýede bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat”  Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni)  köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat edarasy, 4-nji gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

BSGG Ýewropada howa we saglyk boýunça täze komissiýa döretdi

Aşgabadyň Halkara howa menzili multimediýa ulgamyndan peýdalanmaga çagyrýar

«Galkynyş» topary Awazada dynç aldy

Türkmenistanyň metbugat wekilleriniň Türkiýedäki tanyşdyryş sapary

Aşgabat-Türkmenbaşy ugry boýunça goşmaça awtobus gatnawy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Ženewada BSGG-niň Assambleýasyna gatnaşdy