TEHNOLOGIÝA

Türkmenistan «Airbus» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürer

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy H.Hudaýgulyýewiň hem-de wekilleri Fransiýa Respublikasynyň «Airbus» kompaniýasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti Žak Garrigeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar kosmos ugry boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu ýerde «Airbus» kompaniýasy Türkmenistana Ýeriň üstüne uzak aralykdan gözegçilik etmek hem-de surata düşürmek hyzmatyny hödürledi. Munuň özi dürli ugurlar, şol sanda kosmos ulgamynyň işine tehnologiýalaryň iň kämil nusgalaryny ornaşdyrmak boýunça ähmiýetli işleri durmuşa geçirmekde netijeli işleri durmuşa geçirýän Türkmenistanyň mümkinçiliklerine berilýän ýokary bahanyň nyşanydyr.

Duşuşygyň barşynda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen «Airbus» kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda hem-de tejribeleri alyşmakda möhüm ädime öwrüler.

«Airbus» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk taraplar üçin ajaýyp hem özboluşly mümkinçilikleri açar. Çünki halkara giňişliginde, şol sanda iň iri kompaniýalar tarapyndan ygtybarly hyzmatdaş hasaplanýan ýurdumyzda kosmos ugrunyň ösüşine, tehnologiýalar dünýäsiniň gazananlaryna diýseň uly orun berilýär. Bu hakykat «Airbus» kompaniýasynyň agzalaryndan ybarat bolan wekiliýet bilen guralan duşuşykda giňişleýin beýanyny tapdy.

Ýene-de okaň

“Ericsson”: 6G ulgamy 2030-njy ýylda durmuşa ornaşdyrylar

Hindistan 2040-njy ýylda Aýa kosmonawt iberer

“Nissan”, “Honda” we “Mitsubishi” birleşýär

Hytaýda 5G ulanjylaryň sany 1 milliarddan geçdi

Ilon Mask elektron poçta ulgamyny döreder

Ata Watan Eserleri

Öýler üçin ýokary tizlikli AŞTU internet hyzmaty