JEMGYÝET

Türkmenistan 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk eder

Täjigistanyň paýtagtynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.  Duşenbe sammiti jemleýji resminamalara gol çekmek dabarasy bilen tamamlandy. Şol resminamalaryň hatarynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 2026-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek baradaky çözgüdi hem bolup, geljek ýyl guramada Türkmenistan başlyklyk eder.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammitiň dowamynda 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etjek döwletiň Baştutany hökmünde sözlän sözünde bu çözgüt üçin hemmelere minnetdarlygyny bildirip, muňa ähli agza ýurtlar tarapyndan Türkmenistana bildirilýän hormatyň we ynamyň nyşany, döwletimiziň GDA-nyň ösüşine goşýan goşandynyň ykrar edilmesi hökmünde baha berilýändigini aýtdy. «Biz bilelikde çözmeli wezipelerimiziň gerimine we derejesine doly düşünip, başlyklygymyza uly jogapkärçilik bilen çemeleşeris. Eýýäm ýakyn wagtda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy işlenip taýýarlanylar. Resminama diplomatik ýollar arkaly Arkalaşygyň ýurtlaryna öz wagtynda ýollanar» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ýeri gelende nygtasak, Bitarap Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna assosirlenen agza hökmünde gatnaşýar we onuň çäklerinde açyk hem deňhukukly dialoga ygrarlydygyny görkezýär. Biziň ýurdumyz Arkalaşygyň giňişliginde özara gatnaşyklar meselelerinde işjeň orny eýelemek bilen, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunça wajyp başlangyçlary öňe sürýär, GDA-nyň guraýan dürli çärelerine işjeň gatnaşýar.

Türkmenistan ozal hem 2012-nji we 2019-njy ýyllarda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edip, bu jogapkärli wezipäni abraý bilen ýerine ýetiripdi.

Ýene-de okaň

Owganystanyň Premýer-ministri: Türkmenistan Owganystanyň daşary syýasatynda aýratyn orun eýeleýär

ABŞ türkmen tebigy gazynyň eksportynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny goldaýar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Marko Rubio duşuşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkda Ählumumy dolandyryş boýunça Dostlar toparynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Annalena Berbok bilen duşuşdy

Türkmenistanda 59 daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň habarçylary hasaba alyndy

Dr.Döwran Orazgylyjov