JEMGYÝET

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlary gurlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmek bilen bir hatarda, ilatymyz üçin has oňaýly ýaşaýyş we dynç alyş şertlerini döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumynyň, şol sanda 4 gatly 6 sany 32 öýli, 4 sany 40 öýli we 2 sany 60 öýli ýaşaýyş jaýynyň, 1 sany 320 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň, 1 sany 120 orunlyk çagalar bagynyň, 1 sany söwda we dynç alyş merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada «Dürli-ýaz» hususy kärhanasy bilen şertnamany, ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumy üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlaryny hem-de desgalaryny gurmak we umumyşäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň noýabr aýynda başlamak hem-de ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumyny 2026-njy ýylyň noýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Related posts

Döwlet Baştutanymyz Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidentligine saýlanyldy

Dünya Halter Şampiyonası 2018’de Aşkabat’ta Yapılacak

vepa

Dünýä çempionaty başlady: Meksika we Günorta Koreýa ýeňiş gazandy