BIZNES

«Türkmengaz» döwlet konserni zerur bolan tehniki enjamlary satyn alar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow «Türkmengaz» döwlet konserniniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu ugurda geçirilýän netijeli işler türkmen tebigy gazyny içerki sarp edijilere hem-de eksport ugurlaryna ygtybarly akdyrmaga ýardam edýär. Şunda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary, hususan-da, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň degişli kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň türkmen-german işewürligini ösdürmek babatda döredip berýän şertleriniň aýdyň netijesidir.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanylan degişli Karara gol çekdi we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda täze tebigy gaz akymy alyndy

Türkmenistanda täze gury ýük gämileri gurlar

Türkmenistanda milli el halyçylyk ulgamy ösdüriler

Türkmen telekeçileri Gruziýanyň bazaryna çykýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Gruziýanyň wekiliýetleriniň duşuşygy

“Petronas” dekabr aýynda Türkmenistanda geologiýa-gözleg işlerine başlar