Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli her ýyl täze filmleri surata düşürmek Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň agzybir döredijilik toparlary üçin asylly däbe öwrüldi. Şu ýyl hem halkymyzyň baýramçylyk şatlygyny has-da artdyrmak, watandaşlarymyzyň täze ýyla şadyýanlykda, ruhubelentlikde gadam basmagyny gazanmak maksady bilen, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan Täze ýyl filmleriniň ikisi taýýarlanyldy.
Täze filmleriň biri «Aşyk men» diýlip atlandyrylyp, ol Rüstem Mämmedowyň režissýorlygynda surata düşürildi. Filmiň wakalary paýtagtymyz Aşgabatda hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolup geçýär. Onda, esasan, ýaşlyk, söýgi temalaryndan söz açylýar. Gülküli wakalary, ýerine ýetirilýän aýdym-sazlar bolsa filme özboluşly bezeg berip, onuň ýatda galyjylygyny, täsirliligini has artdyrýar. Türkmenistanyň halk artistleri Parahat Amandurdyýew, Züleýha Kakaýewa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Eldar Ahmedow, Rüstem Hallyýew ýaly belli estrada ýyldyzlaryny-da bu filmde görmek bolýar. Şeýle-de Hojadurdy Ýegendurdyýew, Geldi Myratnazarow, Rahat Baýramow (Garly kaka), Atajan Bekiýew ýaly sungat ussatlary onda keşpleri janlandyrýarlar.
«Bagt näme?». Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli surata düşürilen ikinji bir film, ine, şeýle atlandyrylýar. Adyndan hem belli bolşy we kinorežissýor Guwanç Nazarowyň gürrüň berşi ýaly, gysga metražly bu filmde-de ýaşlyk, söýgi temalaryna ýüzlenilipdir.
aýmyrat Musaýewiň ýazan edebi esasyna laýyklykda surata düşürilen filmde çagalar, Täze ýyl şatlygy, gülküli keşpler bilen bagly wakalara-da orun berlipdir.
Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan Täze ýyl baýramçylygyna niýetlenilip surata düşürilen täze filmler tomaşaçylaryň göwnünden turandyr diýip umyt edýäris.