JEMGYÝET

“Türkmendeňizderýaýollary” agentligine täze ýolbaşçy bellendi

Şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentligine täze ýolbaşçy bellendi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Annadurdy Erkinowiç Kösäýewi başga işe geçmegi sebäpli, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň kararyny tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz Batyr Annaýewi Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygy wezipesine saýlamak hakynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň kararyny tassyklady.

Batyr Annaýew mundan ozal, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary wezipesinde işleýärdi.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi Türkmenistanyň çäklerinde suw ulaglarynda döwlet syýasatyny amala aşyrýan hem-de söwda deňiz gatnawy ugrundaky döwlet dolandyryşy babatda ygtyýarly edilen suw ulaglary boýunça ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edarasy bolup durýar.

Ýene-de okaň

Hytaýyň tejribeli lukmanlary Türkmenistana sapar bilen geler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler