DÜNÝÄ

Türkmenbaşy şäherinde Gazagystanyň konsullygynyň täze binasy açyldy

Türkmenbaşy şäherinde Gazagystan konsullygynyň täze binasy açyldy. Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň web sahypasyndaky habara görä, Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly wekili Nurlan Nogaýew açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu waka, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky dostlugyň nyşany bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde we medeni gatnaşyklary berkitmekde  möhüm ädim boldy.

Gazak ilçisi Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Balkan welaýatynyň häkimi Hojamyrat Aşyrmyradow hem-de Tükrmenbaşy şäheriniň häkimi Amangeldi Isaýew bilen duşuşdy.

Taraplar energetika, ulag, nebit we gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Energetika çeşmeleriniň üstaşyr geçirilmegi we iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmaga kömek edýän ulag geçelgelerini ösdürmek taslamalaryna aýratyn üns berilýär.
Iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrjak bilelikdäki medeni çäreleri, sergileri we festiwallary geçirmek meýilnamalary barada pikir alşyldy.

Gazak wekiliýeti Türkmenbaşy halkara deňiz portuna, Garabogaz karbamid zawodyna we Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodyna baryp gördi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisinde täze kanun taslamalary kabul edildi

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin sport çäresi guraldy

Aşgabatdaky Eýranyň medeniýet merkezinde ýurduň merhum Liderini hatyralamak çäresi geçirildi

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň bilim ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Aşgabatda türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 7-nji mejlisi geçiriler

Russiýanyň ilçisi: Russiýa kosmonawtlary taýýarlamak boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar