2026-njy ýylyň 10-njy – 25-nji aprelinde M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetinde forumyň çäklerinde “Lomonosow” XXXIII talyplaryň, aspirantlaryň we ýaş alymlaryň halkara ylmy maslahaty geçiriler.
Ylmy maslahatyň bölümleri diňe bir Moskwada däl, eýsem uniwersitetiň hyzmatdaşlyk edýän ýokary okuw mekdepleriniň halkara meýdançalarynda hem işlär.
Türkmenistanda ylmy maslahatyň halkara meýdançasy Aşgabat şäherinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň binýadynda guralar.
Geçen ýyl Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň binýadynda iki bölümçe işlän bolsa, bu ýyl onuň halkara meýdançasy giňeldildi: ylmy maslahatyň işi ýurdumyzyň iki ýokary okuw mekdebinde ylmyň dört ugry boýunça alnyp barylar.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty dört ugur “Daşary ýurt dilleri we sebiti öwreniş”, “Terjimäniň nazaryýeti, taryhy we usulyýeti” hem-de “Filologiýa” ugurlary boýunça jogapkär gurama hökmünde çykyş edýär. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti “Himiýa” ugry boýunça işleri utgaşdyrýar.
Ylmy maslahata gatnaşmaga 35 ýaşa çenli ýaşly talyplar, magistrantlar, aspirantlar we ýaş alymlar çagyrylýar. Hasaba alyş 2026-njy ýylyň 6-njy apreline çenli “Lomonosow” ylym-bilim portalynda amala aşyrylýar. Ylmy maslahatyň iş dilleri – rus we iňlis. Gatnaşmak tölegsiz. Forumyň işiniň netijeleri boýunça oňa gatnaşanlar sertifikat alarlar, iň oňat ylmy işleriň awtorlary bolsa diplomlara mynasyp bolarlar.
Ylmy maslahatyň halkara meýdançalarynyň Türkmenistanda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen 2026-njy ýylda geçirilmeginiň aýratyn manysy bar. Bu çäre geljekde M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersiteti bilen türkmen ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky ylym-bilim babatdaky hyzmatdaşlygynyň asylly däbine öwrüler.
