BILIM

Türkmen ýaşlarynyň Astanadaky üstünligi

2026-njy ýylyň 10-13-nji fewraly aralygynda Gazagystanyň paýtagtynda geçirilen FIRST Tech Challenge (FTC) robot tehnikasy boýunça çempionatyň sebit tapgyry ýurdumyzyň okuwçylary üçin uly üstünlik bilen tamamlandy. Ýurdumyza wekilçilik eden «Oguzrobot» topary ýaryşda ýokary taýýarlyk derejesini görkezip, Hytaý Halk Respublikasynda geçiriljek bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazandy.

Astanadaky ýaryş özüniň gerimi we gatnaşyjylarynyň derejesi bilen tapawutlandy. Çempionata dünýäniň dürli künjeklerinden, şol sanda Hongkongdan, Estoniýadan, Wýetnamdan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan we Gazagystandan jemi 80-e golaý topar gatnaşdy. Şeýle ýokary bäsdeşlik şertlerinde türkmen ýaşlarynyň görkezen netijeleri uly gyzyklanma döretdi.

Ilkinji tapgyrlarda ähli garşydaşlaryndan üstün çykan ýaşlarymyz, bäsleşigiň iň gyzykly pursady bolan saýlama tapgyryna geçmegi başardylar. Saýlama tapgyryň iň çylşyrymly dört oýnunyň ikisinde ýeňiş gazanan toparymyz, robotyň dizaýny we programmalanyşy boýunça eminleriň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Eminleriň gelen netijelerine laýyklykda, «Oguzrobot» toparyna görkezen innowasion çözgütleri we ýokary tehniki ukyplary üçin Hytaý Halk Respublikasynda geçiriljek halkara robot ýaryşyna gatnaşmak üçin ýörite hukuk (kwota) berildi.

Ýeri gelende aýtsak, ýaryşa gatnaşan toparlar Aşgabat şäherindäki 97-nji we 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň okuwçylaryndan düzülip, olar paýtagtymyzdaky «Kämil bilim» okuw merkezinde düýpli taýýarlyk geçdiler.

Geçen ýyl Astanada geçirilen bäsleşikde «Halkara üstünlik» baýragyny alan ýaşlarymyzyň bu ýyl Hytaýa ýollanma gazanmagy, ýurdumyzda STEM (ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika) biliminiň ýylsaýyn kämilleşýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ýene-de okaň

Aşgabatda pars dilini öwrenmek isleýänleriň dykgatyna!!!

Koreýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy bilim maksatnamasy boýunça talyplyga kabul edýär

Türkmenistan we Gazagystan uniwersitetleriň halkara bilim reýtingine girizilmegini maslahatlaşdylar

Hytaýyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri Türkmenistanyň ýaşlary üçin gapylaryny açýar

TOHU-da eksport mümkinçiliklerine bagyşlanan açyk sapak geçirildi

HNGU-da emeli aň we wirtual aktiwler boýunça açyk sapak geçirildi