BILIM

Türkmen ýaşlarynyň ABŞ-daky üstünligi

Bilim ulgamynda döredilýän giň mümkinçiliklerden ruhlanyp, türkmenistanly ýaşlaryň dünýä ýurtlarynda geçirilýän halkara bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy diýseň buýsandyryjydyr. Ýakynda türkmen okuwçylary abraýly halkara bäsleşikleriň birnäçesine gatnaşyp, baýrakly orunlary gazandylar. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär. 

Ildeşlerimiz Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Roçester Tehnologiýa institutynyň guramagynda Nýu-Ýork ştatynyň Roçester şäherinde geçirilen «GENIUS Olympiad — 2023» halkara taslama bäsleşigine gatnaşyp, emin agzalarynyň ýokary bahasyna eýe boldular. Dünýäniň 63 döwletinden 1100 töweregi okuwçy gatnaşan bäsleşigiň netijelerine görä, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň okuwçylary Pirguly Öwezow, Jumaly Jumalyýew hem-de 135-nji orta mekdebiň okuwçysy Ybraýym Annamyradow altyn medala, 97-nji orta mekdepden Dawut Täçmyradow bürünç medala mynasyp boldular.

Şeýle hem okuwçy ýaşlarymyz 9 — 20-nji iýun aralygynda Beýik Britaniýanyň London şäherinde geçirilen «IGO — 2023» (International Greenwich Project Olympiad) atly halkara taslama bäsleşiginde-de üstünlikli çykyş etdiler. Dünýä döwletleriniň 41-sinden 220-den gowrak taslama işi hödürlenen bäsleşikde türkmen toparyndan Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 83-nji orta mekdebiň okuwçysy Mahmyt Mahmudow, 97-nji orta mekdebiň okuwçylary Merdan Muhammetorazow, Muhammetnur Saparmyradow, 135-nji orta mekdepden Emir Nuryýew, Şamuhammet Muhammedow, Abdulkaýum Nuryýew bürünç medallary gazandylar.

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary