DÜNÝÄ

Türkmen wekiliýeti “TRT World Forum” forumyna gatnaşýar

Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde “TRT World Forum-2023” atly halkara forum geçirilýär. Oňa dünýäniň köp sanly ýurdundan syýasatçylar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle hem media kompaniýalarynyň wekilleri hem gatnaşýar.

Türkmenistanyň Halkara habarlar merkeziniň habar bermegine görä, bu foruma Türkmenistana wekilçilik edip, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähet Kakaýew gatnaşýar.

7-nji gezke geçirilýän bu forumyň açylyş dabarasyna Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hem gatnaşdy. “Bilelikde ösýäris: jogapkärçilikler, hereketler we çözgütler” şygary bilen geçirilýän forumda halkara we sebitiň gün tertibine degişli meseleler boýunça pikir alyşmalar geçirilýär.

Bu gezekki forumda 153 wekiliýetiň agzasy çykyş edýär. Forumda halkara howpsuzlygy, energetika, howanyň üýtgemegine garşy göreş, ykdysadyýet, tehnologiýa, emeli aň, metbugat we jemgyýetçilik ýaýlymlar ýaly ugurlarda garaýyşlar beýan edilýär.

Şeýle hem forumyň çäklerinde tegelek stoluň başynda dürli pikir alyşmalar guralýar.

Ýene-de okaň

Wengriýada Orban döwri tamamlandy: täze Premýer-ministr Peter Madýar boldy

Antalýada Türki döwletleriniň guramasynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde täze kanun taslamalary kabul edildi

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin sport çäresi guraldy

Aşgabatdaky Eýranyň medeniýet merkezinde ýurduň merhum Liderini hatyralamak çäresi geçirildi

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň bilim ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy