DÜNÝÄ

Türkmen wekiliýeti Tatarystanyň Baştutany bilen duşuşdy

TatarstanyňBaştutany Rustam Minnihanow Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew bilen duşuşdy. Duşuşyk Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän halkara ykdysady forumynyň çäginde geçirildi.

Rustam Minnihanow, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Russiýa-Türkmenistan gatnaşyklarynyň çäginde Türkmenistan bilen Tatarstanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge berýän ünsi üçin hoşallygyny bildirdi.

Tatar Baştutany doganlyk halklary çuňňur taryhy gatnaşyklaryň, netijeli söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň birleşdirýändigini aýtdy.

Ençeme ýyldan bäri Tatarstanyň iri kärhanalary Türkmenistanda üstünlikli işleýär: Olaryň hatarynda “KAMAZ”, “KER-Holding”, “Eýdos” we “Tatneft” ýaly kompaniýalar bar.

“Ykdysady gatnaşyklarymyzy okgunly ösdürmäge ähli mümkinçilikler bar. Nebit gözlemek, tebigy gazy daşamak, awtoulag, uçar, gämi gurluşygy we himiýa önümleri bilen üpjün etmek ýaly ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek üçin ep-esli mümkinçilik bar” -diýip, Tatarystanyň Baştutany belledi.

Mundan başga-da, Tatarstanyňýolbaşçysy medeniýet, ylym we bilim pudaklarynda Tatarystan-Türkmenistan hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhümdigini aýtdy.

Ýene-de okaň

Täze Zelandiýada ahalteke atlaryny ösdürmek ýetişdirmekde tagallalar edilýär

Yragyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekili bilen duşuşyk

Günorta Koreýanyň täze ilçisi Türkmenistana geldi

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary sport çärelerini gurnadylar

“Owganystan-Merkezi Aziýa” konsultatiw duşuşygy geçiriler

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi