DÜNÝÄ

Türkmen wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň başlygy bilen duşuşdy

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary Gözegçilik edarasynyň başlygy S.G.Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygy M.W.Mişustin bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategiki häsiýetini nygtap, iki döwletiň arasyndaky syýasy gepleşikleriň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Hökümetleriň arasynda özara hereketleri mundan beýläk-de giňeltmäge bolan gyzyklanma nygtaldy.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek, şol sanda söwda-ykdysady we maýa goýumlar gatnaşyklaryny giňeltmek, şeýle-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy berkitmek dogrusynda garaýyşlaryny beýan etdiler. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen hyzmatdaşlygyň netijeliligi bellenildi.

Sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.

 

Türkmenistandan Russiýa nobatdaky ýörite uçar gatnawy

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Gazagystan aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýada çagalar festiwalyna gatnaşdy

Türkmenistan «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Italiýa-Azerbaýjan” oba hojalyk forumyna gatnaşdy

Türkmenistan-Özbegistan: obasenagat toplumynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabat bilen Daşkendiň arasyndaky hyzmatdaşlyk işjeňleşdiriler

Ata Watan Eserleri