Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary A.Amanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Tatarystanyň Kazan şäherinde geçirilen “Geljegi düzýäris” atly bilim ministrleriniň halkara forumyna gatnaşdy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, foruma 20-den gowrak ýurtdan – Türkmenistan, BAE, Müsür, Senegal, Mali, Zimbabwe, Siriýa, Pakistan, Mýanma, Şri-Lanka, Kuba, Wenesuela, Belarus, Gyrgyzystan, Täjigistan we Gazagystan ýaly döwletlerden bilim ministrleri gatnaşdy.
Forumda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin wideoýüzlenme bilen çykyş etdi. Şeýle hem forumda Russiýanyň bilim ministri Sergeý Krawsow, Russiýanyň ylym we ýokary bilim boýunça ministri Waleriý Falkow we beýleki daşary ýurtly wekiliýet ýolbaşçylary çykyş etdiler.
Foruma gatnaşyjylar bilimiň ykdysadyýeti ösdürmekdäki orny, bilimiň ýokary hilli bolmagy, okatmagyň täze usullary, ýaşlar bilen işlemek, çagalaryň dynç almagy, çagalar bilen işlemek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.
Halkara forumyň çäklerinde ýöriteleşdirilen sergi ýaýbaňlandyrylyp, onda okuw esbaplary, ders synplarynyň enjamlary, laboratoriýa we beýleki ýöriteleşdirilen synplar üçin ýörite esbaplar görkezildi.
Türkmen wekiliýeti hem bu forumyň çäklerinde geçirilen çärelere gatnaşdylar we birnäçe duşuşyklar geçirdiler.
