DÜNÝÄ

Türkmen wekiliýetiniň Germaniýada geçiren duşuşyklary

11-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň GFR-niň Federal daşary işler ministrliginiň Syýasy departamentiniň direktory jenap Dominik Mutter bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Berlinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Germaniýanyň Bundestagynyň Daşary işler baradaky komitetiniň başlygy Armin Laşet we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň wekilleriniň bilelikdäki duşuşygyna gatnaşdy.

Taraplar parlamentara özara hereketleriň depginine ýokary baha berdiler. Türkmenistanyň Mejlisiniň we Germaniýanyň Bundestagynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmegiň, şeýle hem degişli parlamentara dostluk toparlarynyň işini işjeňleşdirmegiň ähmiýeti nygtaldy. Bu nukdaýnazardan, iki ýurduň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň yzygiderli duşuşyklaryny guramagyň üstünde işlemegi teklip edildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Germaniýanyň halkara giňişliginde, ozaly bilen Birleşen Milletler Guramasynyň we Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň çäginde işjeň özara hereket edýändikleri bellenildi.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary jenap Armin Laşeti we nemes wekiliýetiniň agzalaryny özlerine amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Duşuşygyň ahyrynda ähli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga ikitaraplaýyn taýýarlyk tassyklanyldy.

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Täjigistanda türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi

Koreýa Respublikasy Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

29-njy martda geçiriljek saýlawlarda saýlaw uçastoklarynyň 578-si hereket eder

Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Aýatolla Hameneýi üçin gynanç kitaby açyldy

Eýrandaky Hytaýyň raýatlary Türkmenistanyň üsti bilen ýurduna dolandy