JEMGYÝET

Türkmen wekiliýeti GDA-nyň döredijilik forumyna gatnaşýar

Şu gün Özbegistanyň Daşkent şäherindäki «Hyatt Regency Tashkent» myhmanhanasynda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XV forumy öz işine başlady. Arkalaşygyň giňişliginde ýylyň iň esasy ynsanperwer ugurly çäresi hasaplanýan bu foruma Türkmenistandan hem medeniýet, sungat, ylym, bilim ulgamlaryna wekilçilik edýän agzalardan ybarat bolan wekiliýet gatnaşýar. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşiri habar berýär. 

Şu ýyl on bäşinji gezek geçirilýän döredijilik forumyna Ermenistandan, Azerbaýjandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Özbegistandan we Russiýadan görnükli jemgyýetçilik hem-de sungat işgärleriniň, alymlaryň, medeniýet edaralarynyň, ylym we bilim merkezleriniň ýolbaşçylarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň 200-den gowragyny bir meýdança jemledi. Munuň özi dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmekde, özara tejribe alyşmakda, hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde, döredijilik we ylmy ugurlarda gazanylan üstünlikler bilen birek-biregi tanyşdyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Myhmanhananyň eýwanynda GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasy tarapyndan gurnalan sergi bilen tanyşlykdan soňra, GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XV forumynyň dabaraly açylyşy boldy. «Ynsanperwer hyzmatdaşlyk: otuz ýylyň tejribesi we ösüşiň geljekki mümkinçilikleri» atly mowzukda guralýan forumyň gün tertibine laýyklykda, oňa gatnaşyjylar plenar mejlisiň dowamynda häzirki ýagdaýlary nazara almak bilen, ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny, bilelikde işlemegiň ileri tutulýan ugurlarynydyr görnüşlerini kesgitlemek meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar.

Plenar mejlisiň işi tamamlanandan soňra, «Arkalaşygyň ýyldyzlary» döwletara baýragynyň hem-de «Başlangyçlar Arkalaşygy» halkara  baýragynyň eýelerini sylaglamak dabarasy geçiriler. Mejlisiň jemleri bolsa degişli wekilleriň gatnaşmagynda guraljak metbugat maslahatynda beýan ediler.

Günüň ikinji ýarymynda forum öz işini «GDA-nyň medeni paýtagty — 2022», «GDA-nyň medeni paýtagty — 2023» atly taslamalaryň ýerine ýetirilişi boýunça tanyşdyrylyşlar, «Arkalaşygyň ýurtlarynyň medeni mirasy» atly bölümçedäki mejlis bilen dowam eder. Arkalaşygyň döwletleriniň ýaş sazandalaryndan düzülen GDA-nyň Ýaşlar simfoniki orkestriniň konserti bolsa çäräniň birinji gününiň dabaraly jemlenmesine öwrüler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen FAO guramasynyň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi

ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Goruň Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy guralar

Türkmenistanda FAO-nyň wekilhanasyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi