JEMGYÝET

Türkmen wekiliýeti Dubaýdaky Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşýar

Düýn Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Bütindünýä hökümet sammitine badalga berildi. Iki günläp dowam etjek bu giň gerimli duşuşyk «Geljegiň hökümetlerini kemala getirmek» şygary astynda geçirilýär. Sammitde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyza wekilçilik edýär.

Bütindünýä hökümet sammiti 2013-nji ýyldan bäri Dubaýda her ýyl geçirilýän çäre bolup, ol hökümet işleri we syýasat barada ählumumy derejede özara gatnaşyklar üçin meýdança hökmünde, esasan, innowasiýalar baradaky meselä aýratyn ünsi çekýär. Şu ýylky duşuşyk bolsa dünýä döwletleriniň 20-siniň hökümet Baştutanlaryny, ministrleriň 250-ä golaýyny, 10 müň töweregi işewüri bir ýere jemledi. Sammit hökümet ýolbaşçylarynyň, syýasatçylaryň, bilermenleriňdir hususy ulgamyň wekilleriniň arasynda bilim alyşmagyň merkezi hökmünde hereket edýär.

Ýurdumyzyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy sammitiň «Geljege tarap ýol: hökümetleriň täsiriniň güýçlenmegi» atly mejlisinde çykyş edip, dünýä derejesinde Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda döwletleriňdir halkara guramalaryň tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygyny aýratyn nygtady. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan jogapkär döwlet hökmünde bu babatda eýerýän çemeleşmelerini hem-de hereketlerini anyk kemala getirdi we üstünlikli durmuşa geçirýär. Şunda ýurdumyzyň howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça milli maksatnamalaryň we halkara borçnamalaryň berjaý edilmegine uly üns berilýändigi aýdyldy.

Şeýle-de wise-premýer çykyşynda Türkmenistanyň halkara söwdada deňhukuklylygy, adalatlylygy we özara hormat goýmagy üpjün etmäge jogapkärli çemeleşýändigini nygtady. Bu babatda biziň ýurdumyz Bütindünýä Söwda Guramasynyň işine, onuň binýatlaýyn ýörelgelerine eýermäge möhüm ähmiýet berýär.

Ýene-de okaň

Hytaýyň tejribeli lukmanlary Türkmenistana sapar bilen geler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler