BIZNESDÜNÝÄ

Türkmen-türk işewürlik geňeşiniň mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmen-türk işewürlik geňeşiniň bilelikdäki wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi geçirildi. Bu barada Söwda-senagat edarasynyň resmi internet saýtynda bellenilip geçilýär.    

Türkmen tarapyndan wideo arkaly maslahatyna Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministriliginiň, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Türk tarapyndan wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygyna Türkiýe Respublikasynyň daşary ykdysady hyzmatdaşlygyň guramasynyň (DEIK) prezidenti, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi hem-de bu ýurduň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowmynda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň işewürler toparynyň gatnaşmaklarynda şu ýylyň dowamynda bilelikdäki çäreleri geçirmek hem-de «Hyzmatdaşlygy ösdürmek türkmen-türk we türk-türkmen işewürler geňeşiniň ýol kartasyny» bilelikde düzmek barada ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen-türk işewürlik geňeşiniň bilelikdäki wideoaragatnaşyk arkaly mejlisiniň soňunda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda işewür gatnaşyklary dowam etmek boýunça ylalaşyk gazandylar.

Russiýa 6 döwlet bilen uçar gatnawlaryny ýola goýýar

Ýene-de okaň

Irlandiýa Türkmenistana täze ilçi belledi

San-Fransiskoda geçirilen Türk festiwalynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy bellenildi

Astrahan – Türkmenbaşy göni howa gatnawy mümkinçiligine garaldy

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň maslahatyna (MONDIACULT-2025) gatnaşýar

Türkmenistan GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň mejlisine gatnaşdy

Türki Döwletleriň Guramasynyň sammiti Azerbaýjanda geçiriler