DÜNÝÄ

Türkmen-Türk hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

2020-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň ulag pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikler geçirildi.

Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow, “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendemirýollary”, “Türkmenhowaýollary”, “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türk tarapyna Türkiýe Respublikasynyň Ulag we infrastruktura ministri ýolbaşçylyk etdi. Şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň Ulag we infrastruktura ministriniň orunbasarlary Ö.Fatih Saýan we S.Dursun, Türkiýäniň dürli ulag pudaklarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň, hususan-da söwda gatnaşyklaryny kämilleşdirmek üçin ulag geçelgeleriniň we howa ýollarynyň netijeli ulanylmagynyň wajyplygy barada belläp geçdiler. Ýük daşama ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze ugurlary barada pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 2-nji iýulynda üçtaraplaýyn duşuşygyň dowamynda ulag ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda öňe süren başlangyçlaryna esaslanyp, türkmen tarapy ýurduň ulag ulgamyndaky ösüşine we logistika mümkinçiliklerine, şeýle-de bu ugurda amala aşyrmak üçin mümkin bolan bilelikdäki taslamalara gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.

Şeýle-de taraplar logistika kompaniýalarynyň ulag geçelgeleriniň ösüşindäki ornuna üns çekdiler. Bilelikdäki taslamanyň – Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe (Lapis Lazuli) halkara üstaşyr-ulag geçelgesiniň meselelerine aýratyn seredildi. Şular ýaly taslamalaryň sebit we halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary, ählumumy durnukly ösüşi berkitmekdäki orny barada hem bellenip geçildi.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň söwda ministri Türkmenistana geler

Tbiliside Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni bellenildi

Iňlis dili okuw sapaklaryna gatnaşan Mejlisiň wekillerine şahadatnamalary gowşuryldy

Türkmenbaşy we Baku Halkara deňiz portlarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

TOPH taslamasy Hyratda: turbageçiriji üçin 91 kilometr taýýar edildi

Fransiýa çagalar üçin jemgyýetçilik torlaryny gadagan etjek ikinji ýurt bolar