Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport boýunça döwlet komitetiniň başlygy Gulmyrat Agamyradow Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wýaçeslaw Beskostnyý bilen duşuşdy. Bu barada Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.
Duşuşygyň barşynda taraplar sport ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy. şeýle hem Türkmenistanyň türgenleriniň 2023-nji ýylyň 4-14-nji awgusty aralygynda Belarusda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletleriň II oýunlaryna gatnaşmagyna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Belarus bu oýunlary guramak üçin doly taýýar we munuň üçin zerur bolan ähli sport we oňa degişli infrastruktura bar. Oýunlar ýurduň ähli sebitlerinde geçiriler. Ýaryşlary Minsk, Borisow, Brest, Witebsk, Gonel, Grodno, Žlobin, Mogilew, Molodeçno, Orşa we Soligorsk ýaly şäherler kabul eder.
Oýunlaryň açylyş we ýapylyş dabarasyny “Minsk-Arena” sport we dynç alyş toplumynda geçirmek meýilleşdirilýär.
Oýunlaryň sport maksatnamasyna – basketbol, gandbol, kenarýaka woleýboly, kenarýaka futboly, kiçi futbol, otuň üstünde oýnalýan hokkeý ýaly sport görnüşleri girizildi.
Bu oýunlaryň ilkinjisi Tatarystanyň Kazan şäherinde 2021-nji ýylyň sentýabrynda geçirilipdi.
