SPORT

Türkmen türgenleri Pariž Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görýärler

2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek ХХХIII Tomusky Olimpiýa we ХVII Tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak we olaryň gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine:

şu oýunlara Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň taýýarlygyny we olaryň gatnaşmagyny üpjün etmek;

degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde şu oýunlara Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny toplumlaýyn taýýarlamak boýunça maksatnamany hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamak we tassyklamak;

Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde hem-de “Awaza” sport toplumynda sportuň dürli görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň okuw-türgenleşik sapaklaryny we ýygnanyşyklaryny geçirmek tabşyryldy.

Içeri işler ministrligi we Aşgabat şäher häkimligi Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň okuw-türgenleşik sapaklaryny we ýygnanyşyklaryny geçirmek üçin sport maksatly desgalary hem-de binalary Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine ulanmaga bermäge borçly edildi.

Degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna maksatnamada we meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmeginde Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine ýardam bermek tabşyryldy.

Ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň Maksatnamasy tassyklanyldy

Ýene-de okaň

Gruziýa gyşky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Ronaldo “Al-Nasr” bilen meýdança çykdy we gol geçirdi

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý

«Arkadag» futbol topary ýaş türkmen türgenleri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri