SPORT

Türkmen türgenleri halkara ýaryşlarda 349 medala mynasyp boldular

Şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda türgenlerimiz halkara ýaryşlara gatnaşyp, jemi 349 medala mynasyp boldular. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berildi.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça hem netijeli işler alnyp baryldy. Şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda türgenlerimiz halkara ýaryşlara gatnaşyp, jemi 349 medala mynasyp boldular. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler, bedenterbiýe-sport çäreleri, Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş guramaçylykly geçirildi.

Saglygy goraýyş ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek, ýaşlary bedenterbiýe we köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek üçin netijeli işleri alyp barmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýene-de okaň

Merkezi Aziýada ilkinji gezek suwdaky «Formula-1» dünýä kubogy Yssykköl sebitinde geçiriler

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy